Eýranda Nowruz baýramyna taýýarlyk görýärler

Eýranda Nowruz baýramyna taýýarlyk görýärler

Eýranyň ýaşaýjylary Pars täze ýylyna — Nowruza taýýarlyk görýärler diýip, 24KZ habar berýär.

Adamlar Tähranyň bazarlaryny doldurdylar. Olar süýjülikleri, gury ir-iýmişleri we baýramçylyk saçagy üçin beýleki nygmatlary satyn alýarlar. Baýramçylyk saçagynda çörek, alma, sarymsak, semeni, sirke, oplepiha miweleri we beýlekiler bolmaly. Tagamlardan ötri, saçakda janly altyn balyjaklar hem bolmaly. Olar baky durmuşy alamatlandyrýar.

Eýranda Nowruzy däp bolşy ýaly, 13 gün baýram edýärler, şol günlerde çagalar okuwdan boşadylýar, adamlar birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Ýene degişli makalalar

Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari
KADALARY BERJAÝ EDELIŇ!
Eýran Tagamlari