Eýranda Sil Apaty Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

Eýranda Sil Apaty Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

Eýranyň günortasynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli 3 adam ýogaldy.

Eýranyň resmi İRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Fars welaýatynyň Darab etrabynda, aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli köçelerdäki kanallarda suwyň derejesiniň ýokarlandygy we kanala gaçan 1 zenanyň ýogalandygy nygtaldy.

Mehr etrabynda hem derýa gaçan 4 adamdan biri ýogaldy.

Buşehriň Jami Jan etrabynda hem ýyldyrymyň çakmagy sebäpli owgystanly 1 adam ýogaldy.

Hürmüzgan welaýatyndaky Minab bendinde suwyň derejesiniň ýokarlandygy sebäpli bendiň golaýyndaky 10 obanyň boşadylyp bilinjekdigi nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Eýran günde 10 million kub metr türkmen gazyny import eder
ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy