Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar

Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Tähran bilen Riýadyň arasynda 7 ýyl soň gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagyndan soň ilkinji gezek Saud Arabystanyna gitdi.

Eýranyň resmi habarlar gullugy İRNA-nyň berýän habaryna görä, Tähran bilen Riýadyň arasynda 7 ýyl soň gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagyndan soň ilkinji gezek Saud Arabystanyna giden Eýranyň Daşary işler ministri Abdullahiýan bir günlük saparynyň çäginde kärdeşi Faýsal bin Ferhan bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşar.

Saparyň çäginde Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hem seljerler.

Eýranyň Saud Arabystanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenen Ali Ryza Enaýeti hem saparyň çäginde resmi taýdan wezipesine başlar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Saud Arabystanyna Bardy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Hakan Fidan, Ysraýyl-Palestina Dartgynlygy Barada Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Londonda we Parižde saparda boldy
Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal