Eýranly etnik türkmen futbolçy Serdar Azmun Eýranly zenanlara goldaw berdi

Eýranly etnik türkmen futbolçy Serdar Azmun Eýranly zenanlara goldaw berdi

Tährandaky protestleri milli futbolçy Serdar Azmun goldaýar.Häkimiýetleriň protestler babatda çykyş edýänlere basyş edýändigini tassyklaýan futbolçy ýiti çykyşy bilen Eýranly zenanlaryň ýanynda boldy diýip türk mediasy ýazýar.

Tähranda baş örtgi barlagyny geçiren ahlak polisiýasynyň tussag eden Mahsa Amini üç gün soňra aradan çykmagy bilen ýurtda ýaýran portestlere Milli futbol ýygyndydan goldaw gelmäge başlady.

“Baýern Lewerkusen” formasyny geýen, 27 ýaşly Serdar Azmun Federasýanyň düzgünlerine üns bermän, “Instegram” hasabyndan paýlaşan sözlerinde şeýle diýýär:

”Milli ýygyndynyň düzgünlerine görä, kamp tamamlanýança, bir zat diýmezdik, emma, mundan artyk sabyr-takadym galmady. Milli ýygyndydan çykarylmak, hatda,Eýranly zenanyň saçynyň bir böleginiň tölegi üçin ujypsyz baha. Bu hiç haçan wyjdanymyzdan çykmaz. Eýranly zenanlary şeýle aňsat öldürendigiňiz üçin utanyň, ýaşasyn Eýranly zenanlar. Eger olar musurman bolsalar, Alla meni kapyr etsin.”

Serdar Azmun şeýle çykyşy paýlaşandan soňra, käbir Eýranly futbolçylar ony hasabyndan çykardylar.Serdar Eyranly zenanlara goldaw beren ýeke-täk futbolçy däl. Mundan owal Mehdi Taremi, Wahid Amiri we Karim Ansarifard dagy profil suratlaryny üýtgetdiler we “gyzlarymyzyň saçlary kepenle örtülen” ýaly mesajlar paýlaşdylar.

Federasiýanyň berk düzgünlerine garamazdan, Eýranly zenanlara goldaw beren bu futbolçylaryň noýabr aýyndaky Dünýä Çempiýonatynda milli ýygynda alynyp-alynmajakdygy alada edilýär diýip türk mediasy ýazýar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň”öňki maglumatlaryna görä, şu ýylyň başlarynda Futbol klublary “Zenit” we “Baýer” Eýranly etnik türkmen futbolçysy Serdar Azmunyň Germaniýaly topara geçmegi babatda ylalaşdylar diýip “Zenitiň” resmi saýtynda habar berilipdi.

Bellesek, Serdar Azmun tanymal türkmen alymy Ýusup Azmunyň agasynyň agtygy.The post Eýranly etnik türkmen futbolçy Serdar Azmun Eýranly zenanlara goldaw berdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy
Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň portaly içki uçuşlar üçin awiapetekleriň satuwyny ýola goýdy, Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatry Russiýadan maddy goldaw alar, Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana saparyny yza süýşürdi we beýleki habarlar
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Azmun bilen Saud Arabystanynyň klublary gyzyklanýar
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy