Eýranyň Daşary işler ministri: Amerika dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr

Eýranyň Daşary işler ministri: Amerika dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ýaragyny synagdan geçirmek baradaky buýrugyna jogap hökmünde şeýle diýdi: Birleşen Ştatlar dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr.

Seýid Abbas Aragçy twitde şeýle ýazdy: “Goranmak ministrliginiň” adyny “Uruş Ministrlik” diýip üýtgetmek bilen, ýadro ýaragly zoraky ýene-de ýadro ýaragyny synagdan geçirmek işini gaýtadan başlaýar diýdi.Eýranyň Daşary işler ministri sözüni dowamynda şol bir zoraky Eýranyň parahatçylyk maksatly ýadro programmasyny howply edip görkezýär we biziň kepilligimiz astynda ýadro desgalaryna mundan beýläk hüjüm etmek howpuny döredýär; bu hereketleriň hemmesi halkara hukugyny aç-açan bozýar diýip nygtady.

Aragçy şeýle hem Ýadro synaglarynyň täzeden başlandygyny yglan etmek yza gaýtýan we jogapkärçiliksiz hereketdir we halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna çynlakaý howp salýar diýdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sözüni şeýle dowam etdi: Dünýä şeýle zalym ýaraglaryň ýaýramagyny kadalaşdyrmak üçin Birleşen Ştatlary biragyzdan jogapkär hasaplamalydyr.

Ýene degişli makalalar

Eýran urşy Merkezi Aziýa ykdysady tolkun atýar, esasy täsiri Türkmenistana düşýär
ABŞ Eýranyň ýadro meselesini gepleşikleriň gün-tertibinden çykarmak hakyndaky teklibini ret etdi
Aragçi: Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugy barada gepleşik geçirip bolmaz
Eýran bilen Müsüriň daşary işler ministrleriniň arasyndaky ýadro gepleşikleri boýunça maslahatlar
Orsýetiň ýadro gepleşiklerinde Eýranyň kanuny hukuklaryny goldamagy
Grossi we Aragçi Eýran-ABŞ gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar