Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý ABŞ-Ysraýyl hüjüminde öldürildi

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý ABŞ-Ysraýyl hüjüminde öldürildi

Eýranyň döwlet metbugaty ýurduň dini lideri Aýatullah Ali Hamaneýiň Ysraýylyň we ABŞ-nyň hüjümlerinde öldürilendigini aýan etdi. Bu habardan soň, Ynkylap güýçleri ar aljakdyklary barada söz berdi.

Döwlet telewideniýesi 1989-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan 86 ýaşly Hamaneýiň aradan çykmagyndan soň 40 günlük ýas we ýedi günlük dynç alyş yglan etdi.

Ýaýlym wagtynda alyp baryjylaryň biri: “Dini lideriň şehit bolmagy bilen onuň ýoly we missiýasy ýitirilmez we ýatdan çykarylmaz; tersine, olar has uly tutanýerlilik we höwes bilen dowam etdiriler” diýdi.

Eýranyň Ynkylap güýçleri beren beýanatynda, "ganhorlarynyň" jezalandyryljakdygyny aýan etdiler. Beýanatda: "Eýran milletiniň ar almagy berk we aýgytly bolar" diýip nygtaldy.

Eýranyň metbugaty dini lideriň gyzynyň, giýewisiniň we agtygynyň hem hüjümde ölendigini habar berdi. “Pars” habarlar agentligi we beýleki habar serişdeleri maşgala agzalarynyň ölüminiň habar çeşmeleri tarapyndan tassyklanandygyny habar berdiler.

Tramp: "Bu diňe Eýranyň halky üçin däl, eýsem Hamaneý we onuň toparynyň öldüren ýa-da maýyp eden amerikanlylar we dünýäniň köp ýurtlaryndaky adamlar üçin hem adalatdyr" diýdi.

Netanýahu çap eden wideoýazgysynda: "Şu gün irden amala aşyran güýçli we garaşylmadyk hüjümimiz bilen zalym Hameneýiň öýüni ýok etdik" diýdi.

Hüjüm onuň ýakyn adamlary bilen duşuşyk geçiren mahaly boldy

ABŞ-nyň iki çeşmesiniň we bu meseleden habarly ABŞ-nyň resmisiniň aýtmagyna görä, Ysraýyl we ABŞ şenbe güni bolan hüjümi Hamaneý bilen onuň ýokary derejeli kömekçileriniň arasynda duşuşyk geçiren mahalyna gabat getirmek üçin meýilleşdiripdirler.

Ysraýyl Hamaneýden başga-da, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şemhaniniň we Ynkylap güýçleriniň serkerdesi Muhammed Pakpuryň hem öldürilendigini öňe sürdi.

Eýranyň iki çeşmesi “Reuters” agentligine Hamaneýiň hüjümden gysga wagt öň howpsuz ýerde Şamhani we Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Larijani bilen duşuşandygyny aýtdy.

Ysraýylly ýokary derejeli resmi Hamaneýiň jesediniň tapylandygyny öňe sürdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy
Daniýa ABŞ-nyň Halkara Jenaýat Sudunyň sudýalaryna garşy sanksiýalaryna gynanç bildirdi
Ysraýyl Gazada ýaraşygyň düzgünini bozdy we iki palestinalyny öldürdi
Lapid Netanýahunyň syýasatlaryny syýasy we strategiýa taýdan “şowsuz” hökmünde häsiýetlendirdi
Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny ABŞ-na degişli üç harby bazany nyşana alandygyny mälim etdi