Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler

Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly Ylýas Gaýypow Eýranyň Daşary işler ministrliginiň demirgazyk-gündogar sebitler boýunça wekiliýetiniň täze bellenen ýolbaşçysy Ahmad Musamifar bilen duşuşdy. Muny Türkmenistanyň Maşaddaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen diplomaty A.Musamifara täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli gutlandyklary üçin eýran tarapyna hoşallyk bildirdi. Taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň barşynda ozal Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň arasynda gol çekilen Ähtnama hem üns çekildi. Bu resminama iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegi öz içine alýar.

Eýranyň welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana ýakyn wagtda boljak sapary resminamany durmuşa geçirmekde amaly ädim bolar diýip, çeşme belleýär.

Belläp geçsek, 17-18-nji noýabrda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler. Mejlisiň çäklerinde eýran senagatynyň sergisi hem meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
Eýran bilen Türkmenistanyň telekeçileri söwda mümkinçiliklerini giňeltmegi maslahatlaşdylar
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Beýik Pyragy we Nury Halmämmet atly aýdym-sazly dabara
Türkiýäniň IIM Süleýman Soýly Türkmen Blogçysyna telefon etdi
Stambuldaky şowsuz protestden soňra 10 sany türkmen raýatyny tutdylar