Eýranyň içeri işler ministri: General Şehit Gassem Soleýmani ahlaklylygyň, erkiň we ýeňişiň beýanydyr.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň içeri işler ministri "Ahmad Wahidi" Şahid Soleimani mekdebiniň ylmy gözleg konferensiýasynda eden çykyşynda: Bu şehit jihad we şehitlik ugrundaky ahlak we adam ýeňşiniň beýanydyr diýdi.
Wahidi sözüni dowam etdirip: Şehit Soleýmaniň gany Yslam ymmatynda akýar, we şol ýokary derejeli we beýik şehitiň ýolundan ýöremek üçin, Örän agyr jogapkärçilik ähli söýüjileriň we janköýerleriň egnindedir diýdi.
Eýranyň Içeri işler ministri şeýle-de çydamyň şehitleriň ganynyň bereketi bilen häzirki wagtda bu toplum has kyn ýoldan üstünlikli geçip barýandyr diýdi.
Häzirki zaman yslam siwilizasiýasynyň derejesi bolan Şahid Soleimani mekdebiniň ilkinji ylmy gözleg konferensiýasy şu gün, ýekşenbe güni Tähranda harby we milli işgärleriň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda başlandy.
2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Yragyň häkimiýetleriniň resmi çakylygy boýunça Yraga sapar eden Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Gasem Soleimani Bagdadyň howa menziliniň golaýynda ABŞ-nyň hüjümçileri we terrorçylary tarapyndan guralan howa hüjüminde Yragyň Halk Basijiniň (Al-Haşd al-Şabi) başlygynyň orunbasary Abu Mahdi al-Mohandes we sekiz ýoldaşy şehit edildi.
