Eýranyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygynyň Italiýanyň Eýrandaky ilçisi bilen duşuşygy we maslahaty

Eýranyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygynyň Italiýanyň Eýrandaky ilçisi bilen duşuşygy we maslahaty

Eýranyň mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy, Italiýanyň Eýrandaky ilçisi bilen duşuşygynda: Eýran sanksiýalardan soňky ýagdaýdaky dostlaryny ýatdan çykarmaz diýdi.

Mejlisiň habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy "Wahid Jalalzadeh", Italiýanyň Eýrandaky ilçisi "Juzeppe Perone" bilen bolan duşuşygynda: Sanksiýalar şertlerinde Eýranyň tarapynda durýan ýurtlar sanksiýalardan soňky şertlerinde Eýran bazarynda has ýokary orny eýelär diýdi.

Jalalzadeh bu duşuşykda şeýle-de oňyn taryhy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň, dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin Italiýanyň Parlamenti bilen hyzmatdaşlygy garşy alýar diýip sözzlerine goşdy.

Mejlisiň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy sebitdäki wakalara, şol sanda Eýran-Saud Arabystany gepleşiklerine yşarat edip: Eýran goňşulary bilen birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny elmydama garşy alandyr we biz Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek we iki tarapyň bähbitleri üçin konstruktiw gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýdi.

Jelalzadeh Owganystandaky wakalar barada hem durup geçip: Owganystan dürli etnik toparlaryň ýaşaýan ýurdy, şonuň üçin ähli etnik toparlaryň gatnaşýan giňişleýin milli hökümet gurulmagyny goldaýarys diýdi.

Italiýanyň Tährandaky ilçisi, Eýran bilen Italiýanyň arasyndaky uzak we gowy gatnaşyklara salgylanyp Italiýa kompaniýalarynyň Eýrana gaýdyp gelmegi üpjün ediler we öňki alyş-çalyş derejelerine has çalt ýeteris diýip umyt edýäris diýdi.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Soýlu eýranly kärdeşini gutlady
Içeri Işler Ministri Soýlu Eýranda Saparda Boldy
ABŞ-ynyň Merkezi aňtaw gullugynyň Owganystany bölmek baradaky tagallalaryna Talibanyň reaksiýasy
Içeri işler ministri: Owganystanyň gündogar serhetdäki Eýran bilen çaknyşygy düşünişmezlikdi
Bahreýn 10 Ýyl Soň Siriýa Ilçi Belledi
Eýranyň içeri işler ministri: Şehit Soleimani ahlaklylygyň we erkiň beýanydyr