Eýranyň Mejlis başlygy: Palestina we Kudusa goldaw bermek Eýranyň ileri tutýan meselesidir

Eýranyň Mejlis başlygy: Palestina we Kudusa goldaw bermek Eýranyň ileri tutýan meselesidir

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Palestina we Kudusa goldaw bermek Eýran Yslam Respublikasynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir diýdi.

Eýranyň Mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf, Halkara Kudus gününiň öňüsyrasynda, Tähranda Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) ýokary derejeli agzasy Halyl al-Haýe bilen duşuşanda şehitleriň ganynyň ýeňşi kepillendirýändigine yşarat edip Palestina we Kudus meselesi Yslam Eýranynda kök urandyr diýdi.

Galybaf şeýle-de Ymam Homeýni (ra) Hezretleri Kudusy Yslamyň bir bölegi we Palestina meselesini Yslam dünýäsiniň ilkinji meselesi hasaplady we Kudusyň we Palestina meselesiniň dünýädäki ähli musulmanlaryň we ähli azatlyk esleýjileriň arasynda diri galmagy üçin Remezanyň soňky anna gününi Bütindünýä Kudus güni diýip kesgitledi diýip beýan etdi.

Eýranyň kanun çykaryjy güýjüniň başlygy, Sionist režimiň we dünýädäki ulumsylygyň sebitdäki käbir hökümetler tarapyndan bu režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin alyp barýan işlerine hem salgylanyp yslam ymmaty, çydam toparlary we yslam dünýäsi sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin çykdajylary ýokarlandyrmalydyr we palestinaly toparlaryň agzybirligi üstünlik we ýeňiş üçin elbetde örän täsirlidir diýdi.

Hamasyň uly agzasy al-Haýe Sionistler Al-Aqsa metjidini esasy ýaşaýjylardan ewakuasiýa etmäge we sionist basybalyjylary çalyşmaga we Kudusdaky ýerlerini artdyrmaga synanyşýandyklaryny aýtmak bilen, ýöne halkyň we ybadathananyň goragçylarynyň we çydam toparlaryň kömegi bilen, Kudus we Al-Aqsa metjidi Nyşan we garşylyk oky hökmünde bolup galar diýdi.

Halil al-Haýe Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kudus güýçleriniň öňki serkerdesi general Serdar "Gasem Soleýmanyň" basyp alyjy sionistlere garşy alyp baran edermenligini ýada salyp şeýle diýdi: Bu gaýduwsyzlygyň netijesinde garşylyk toparlarynyň ýagdaýy gowulaşdy we Kudusy basyp alyjy režim gatnaşyklary kadalaşdyrmaga synanyşanda palestinalylar we garşylyk oky güýçlenip, birleşdiler diýdi.

Ertir, 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde, anna güni (1401-nji ýylyň 9-njy Ordibeheşti) 1443-nji ýylyň Remezan aýynyň 27-si, Bütindünýä Kudus güni bilen gabat gelýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda nyrhlar ýokarlandy, azyk gymmatlady
Zyýat Hil Oraza baýramy üçin konditer önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy
Aşgabatda baýramçylykda pagta ýagyny köpräk satyn alanlar tutuldy
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Oraza baýramy mynasybetli gutlag iberdi