Eýranyň Mejlisiniň başlygy: “Ysraýyl musulman ýurtlarynyň esasy duşmany”

Eýranyň Mejlisiniň başlygy: “Ysraýyl musulman ýurtlarynyň esasy duşmany”

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Bakyr Kalibaf, Ysraýylyň musulman ýurtlarynyň esasy duşmanydygyny aýtdy.

Kalibaf ýurdunda saparda bolýan Yragyň Premýer-ministri Ali az-Zeýdi bilen paýtagt Tähranda duşuşdy.

Duşuşykda Eýran bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çeken Kalibaf, iki ýurduň birlikde sebitde başdan geçirilýän kynçylyklaryň hötdesinden gelip biljekdigini belledi.

Ysraýylyň musulman ýurtlarynyň esasy duşmanydygyny nygtan Kalibaf, Eýran bilen Yragyň Ysraýyla garşy birlikde hereket etmeginiň möhümdigini ýatlatdy.

Yragyň Premýer-ministri Zeýdi hem Eýran bilen Yragyň diňe goňşy ýurtlar bolmandygyny eýsem şol bir wagtda möhüm sebitara hyzmatdaşdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Yragyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Hakan Fidan, Yragyň Ýokary Adalat Geňeşiniň Başlygy Bilen Duşuşdy
Halap şäherinde ÝPG terrorçylaryna garşy operasiýa başladyldy
Prezident Erdogan Zeýdiniň Yrak hökümetini gurmak üçin bellenmeginden hoşaldygyny aýtdy