Eýranyň Prezidenti Raisi dogduk şäheri Maşatda ýerlendi

Eýranyň Prezidenti Raisi dogduk şäheri Maşatda ýerlendi

Eýranyň dikuçar heläkçiliginde gurban bolan Prezidenti Ebrahim Raisiniň jesedi topraga berildi diýip, ýurduň Tasnim habarlar gullugy habar berdi.

23-nji maýda ýurduň merhum lideriniň jesedini Maşadyň köçesinden alyp geçdiler, oňa matam tutýan raýatlaryň köp sanlysy ýygnandy.Syýasatçy Maşatdaky ymam Rezanyň aramgähinde topraga berildi. Öň birnäçe günüň dowamynda Raisi we heläkçilikde pida bolan ýokary wezipeli adamlar bilen hoşlaşyk matam çäreleri ýurduň Töwriz, Kum, Tähran we Birjend şäherlerinde geçdi.

Maşatda ýurduň döwlet Baştutany bilen hoşlaşmak çäresine üç milliona golaý adam ýygnandy diýip, MIR 24 ýazýar.BMG-niň Baş Assambleýasynyň plenar ýygnagynda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň hatyrasyna bir minut dymyşlyk edilendigini TASS habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ali Şir Nowaýy
Eýranlylar Ysraýyl-ABŞ hüjümlerinde Ali Hamaneýiň öldürilmeginden soň köçelere çykdylar
Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Maşat şäherinde “STAR EXPO 2023” atly sergi geçirildi
Türkmen we eýran wekiliýetleri Artyk gümrük nokadynda duşuşdylar
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA