Eýranyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Eýranyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda, saparda Türkiye-Eýran Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatynyň Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagt Ankarada geçiriljekdigi mälim edildi.

Maslahatda Türkiye-Eýran gatnaşyklarynyň ählitaraplaýyn gözden geçiriljekdigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ösdürmek üçin edilip bilinjek ädimleriň ele alynjakdygy bellenen beýanatda: "Geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Gazada we basyp alynan Palestinanyň topraklarynda başdan geçirilýän Ysraýylyň hüjümleri başda bolmak bilen, gün tertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylar.

Gepleşikleriň netijesinde gatnaşyklaryň şertnama esasyny (şertnamalardan gelip çykýan) berkitmäge gönükdirilen dürli resminamalara gol çekmek hem gün tertipde bolar" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Yrakdan PKK-ny Terror Guramasynyň Sanawyna Goşmagyna Garaşýandyklaryny Aýtdy
Prezident Erdogan türki döwletlerden gelen çagalar bilen duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy