Eýranyň Prezidenti Türkmenistana we Gazagystana sapar eder

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian dekabr aýynda Türkmenistanda we Gazagystanda saparda bolar. Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, bu barada Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi ilkinji Hazarýaka sebitiniň häkimleriniň forumynyň açylyş dabarasynda mälim etdi.

-Eýranyň Prezidenti Russiýa we Azerbaýjana sapar etdi we bu saparlar örän üstünlikli boldy. Ol indiki aýda Türkmenistana we Gazagystana sapar eder – diýlip, habarda aýdylýar.

Birinji Hazarýaka sebitiniň häkimleriniň forumy 18-19-njy noýabrda Eýranyň demirgazyk Gilan welaýatynyň merkezi Reştde geçirilýär.

Çärä Russiýadan, Azerbaýjandan, Türkmenistandan we Gazagystanyň wekilleri gatnaşýarlar. Eýran tarapyna daşary işler ministri Abbas Aragçi, Senagat, magdan we söwda ministri Mohammad Atabak we Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Reza Salehi-Amiri wekilçilik edýär.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň energetika ministri Aşgabatdaky serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministrini we MB-niň başlygyny kabul etdi
Hazarýaka ýurtlaryň häkimleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministrini we Merkezi bankynyň başlygyny kabul etdi
Eýranyň energetika ministri bilelikdäki işewürlik maslahatyň guralandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi
Türkmenistanyň ilçisi Eýranyň daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy