Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny ABŞ-na degişli üç harby bazany nyşana alandygyny mälim etdi

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny ABŞ-na degişli üç harby bazany nyşana alandygyny mälim etdi

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny, ýarym resmi “Fars” habarlar gullugyna görä, ýekşenbe güni sebitde ABŞ-na degişli 3 harby baza raketa we dron hüjümini gurady.

Habarda Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň Erbildäki Al Harir howa bazasynda ýerleşýän Amerikan güýçlerini nyşana alandygy, Kuweýtdäki Ali Al Salem we Arifžan bazalaryna hüjüm gurandygy nygtaldy.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan berlen beýannamada, hüjümleriň Eýranda senagat zolagynda işleýän işçileriň öldürilmegine sebäp bolan hüjümleriň aryny almak maksady bilen guralandygy we “Hakyky Wada” operasiýasynyň 52-nji tolkunynyň bir bölegi bolandygy nygtaldy.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahuýa hemle atyldy we “Eger ýaşaýan bolsa ony yzarlamaga dowam ederis we bar güýjümiz bilen ony öldüreris” diýildi.

Ysraýylyň Premýer-ministrliginiň “Anadoly habarlar” gullugyna beren beýannamasynda, ABŞ bilen Ysraýylyň hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezýän Eýranyň Netanýahuny öldürendigi hakyndaky habarlaryň asylsyzdygy nygtalypdy.

Ysraýylyň Kanal 12 teleýaýlymyna görä, Eýranyň soňky ballistiki raketa hüjüminden soň Ysraýylyň merkezindäki Holon şäherinde iki adam ýeňil ýaralandy.

Ysraýyl bilen ABŞ-nyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan bilelikdäki hüjümlerinde Eýranyň ozalky dini lideri Ali Hamenei bilen birlikde 1300 adam ýogaldy.

Eýran hem hüjümlere Ysraýyla, Yraga we ABŞ-nyň harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna dron we raketa hüjümini guramak bilen gaýtawul görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Eýran: ABŞ topraklarymyza harby goşun ornaşdyran halatynda “ikinji Wiýetnam wakasy” ýüze çykyp biler
ABŞ we Ysraýyl Eýranyň iň uly nebit-himiýa toplumyna hüjüm guradylar
Ysraýylyň ABŞ-Eýran ylalaşygyndan soň Liwana guran hüjüminde azyndan 4 adam ýogaldy
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklara “alada” bildirdi
ABŞ, Katar we Ysraýyl Nýu-Ýorkda gizlin duşuşyk geçirdi