Eyyam Group garderob otagy üçin metal şkaflary hödürleýär

Eyyam Group garderob otagy üçin metal şkaflary hödürleýär

Metaldan önümleri öndürmäge ýöriteleşen Eyyam Group kompaniýasy Türkmenistanyň kärhanalaryna we guramalaryna garderob otaglary üçin metal şkaflaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Müşderi metal şkaflary kompaniýanyň katalogyndan saýlap biler, şeýle hem hususy taslamasyna görä, mysal üçin, otagyň reňklerinde metal şkaflary sargyt edip biler.

Metal şkaflar senagat kärhanalarynyň, lukmançylyk we bilim edaralarynyň, sport desgalarynyň geýim çalşylýan otaglarda eşikleri saklamak, şeýle hem iri söwda merkezleriniň ýa-da dynç alyş merkezleriniň girelgesinde goşlary saklamak üçin ulanylyp bilner.

Eyyam Group kompaniýasynyň ähli önümleri sowuk urgy usulynda ýokary hilli polatdan ýasalýar we reňk tozy bilen örtmek usulynda reňklenýär. Şonuň üçin hem Eyyam Group kompaniýasynyň şkaflary çydamlylygy, poslamaga we daşky gurşawyň täsirlerine çydamlylygy, şeýle hem göze ýakymlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Eyyam Group kompaniýasynyň hödürleýän görnüşleri bilen şu salgyda has içgin tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, 10 Ýyl Abadançylyk şaýoly (öňki Moskowskaýa), 211/A, Altyn asyr işewürlik merkezi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Eyyam Group ygtybarly polat elektroşitleri we howpsuzlyk şkaflaryny öndürýär
Central Park restorany Aşgabadyň islendik ýerine naharlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Oskar baýragyna dalaşgärler belli boldy
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy
Antarktika we Antarktida