Faberže ýumurtgasy 30 million dollara satyldy

Bir wagtlar rus imperatorynyň maşgalasyna degişli bolan Peter Karl Faberže tarapyndan döredilen göwher bilen zynatlanan billur ýumurtga Londondaky auksionda rekord bahadan 22,9 million funt sterlinge (30,2 million dollar) satyldy. Bu barada BBC habar berdi.

“Christie’s” auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ady rowaýata öwrülen zergäriň iň zynatly işleriniň biri hasaplanýan “Gyşky ýumurtga” 2-nji dekabrda satyn alyndy. Satyn alyjynyň ady mälim edilmeýär.

Ýumurtga 4500 göwher bilen bezelen. Ol 1913-nji ýylda patyşa Nikolaý II tarapyndan ejesine sowgat hökmünde sargyt edilipdi. Faberže ýumurtgasynyň öňki rekord bahasy 2007-nji ýylda, auksionda 8,9 million funt sterlinge deň bolupdy.

Faberže rus imperatory Romanowyň maşgalasy üçin jemi 50 ýumurtga döretdi. “Gyşky ýumurtga” hususy kolleksiýada saklanýan ýedi ýumurtganyň biridir. Beýlekileri ýa ýitirilen, ýa-da dürli edaralarda we muzeýlerde saklanýar.

Ýene degişli makalalar

Trampyň goldaýan dalaşgäri ýeňiş gazandy
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"
Putin Federal ýygnaga ýüzlenme bilen çykyş etdi
Bola Tinubu Nigeriýanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy