Bola Tinubu Nigeriýanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Bola Tinubu Nigeriýanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Nigeriýanyň dolandyryjy Ähli progressiw güýçleriň Kongresi partiýasyndan dalaşgär Bola Tinubu ýurtda geçen Prezident saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu barada BBC habar berýär.

Saýlawlarda 70 ýaşly syýasatçy sesleriň 37 göterimini aldy, onuň esasy bäsdeşi bolan Halk-demokratik partiýadan Atiku Abubakar sesleriň 29 göterimini, leýboristler partiýasyndan Piter Obi sesleriň 25 göterimini aldy. Tinubu öňki Prezident Muhammedu Buharini çalşar. Nigeriýada Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň 18-si bäsleşdi.

Nigeriýa dünýäde nebiti eksport ediji iri ýurtlaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýadaky ulag heläkçiliginde 48 adam ýogaldy
Nigeriýadaky gaýyk pajygasynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Malide sil joşgunlarynda 77 adam pida boldy, 148 adam ejir çekdi
Nigeriýada Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny