Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, sosial media hasabyndan düýn iňlis dilinde beren beýanatynda, ASALA we JCAG ýaly ermeni terror guramalarynyň eden gyrgynçylyklaryny düşündirýän wideosyny paýlaşyp: "Ermeni terror guramalary ençeme adamyň janyna kast edip, ýaragly hüjümler gurap we bombaly aksiýalar geçirip Türkiýäniň raýatlary bilen birlikde aralarynda Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň we ABŞ-nyň raýatlary hem bolan asuda ilatdan ençeme adamy öldürdiler.
Terrorçylykly hüjümlerde ýogalan adamlary Stambul we Los-Anjeles şäherlerinde şu gün başlan sergi bilen hatyralap geçýäris" diýip belledi.
