FAO Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

FAO Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýuý Dunýuý bilen Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň FAO-daky hemişelik wekili Toýly Kömekowyň arasynda FAO-nyň edara binasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmenistanda bu guramanyň wekilhanasyny açmak boýunça şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Duşuşygyň başynda ilçi Toýly Kömekow FAO-nyň Baş direktoryna Türkmenistanyň hökümetiniň salamyny ýetirdi we Türkmenistanyň oba hojalygyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny goramak boýunça alnyp barylýan çäreleri ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesini ulanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini mälim etdi.

FAO-nyň Baş direktory öz gezeginde daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmaga we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara hereketlerde Türkmenistanyň aýratyn işjeň wezipesini belläp geçdi.

Şeýle hem taraplar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp düzmek hem-de doly durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda FAO-nyň Baş direktory Sýuý Dunýuý ilçi Toýly Kömekowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylaryna salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçiriler
FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar
Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Baş direktoryň orunbasary bilen duşuşyk
Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk
Oba hojalygy ylmy esasda ösdürilýär