FAO: Global oba hojalygynyň gizlin çykdajylary azyndan 10 trillion dollar

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) düýpli seljermelerine görä, oba hojalygynyň we azyk ulgamlarynyň “gizlin çykdajylary” ýylda 10 trillion dollara çenli bolup biler – bu jemi içerki önümiň, takmynan, 10%-ine deňdir.

FAO 154 ýurtda barlag geçirdi we “Azyk we oba hojalygynyň ýagdaýy barada” 2023-nji ýylyň hasabatyny çap etdi. Onda FAO-nyň hünärmenleri gizlin çykdajylara baha bermäge mümkinçilik berýän takyk hasaplamalary geçirdiler.

FAO-nyň maglumatlaryna laýyklykda, iň uly ýitgiler (70 göterimden gowrak) ilatyň sagdyn iýmitlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Gaýtadan işlenen iýmitleri, köp mukdarda ýag we şeker iýmek semizlige we ýokanç däl kesellere, şeýle-de zähmetiň öndürijiligiň peselmegine sebäp bolup biler. Şeýle zyýan ýokary we orta girdejili ýurtlarda has-da ýokarydyr.

Jemi ýitgileriň bäşden biri daşky gurşaw bilen baglanyşykly bolup, oňa bug gazlarynyň we azotyň zyňyndylary, ýeriň we suwuň ulanylyşynyň üýtgemegi ýaly meseleler girýär. Bu ähli ýurtlara täsir edýän mesele bolup, maglumatlaryň çäkli bolmagy sebäpli onuň gerimine kembaha garalmagy ähtimaldyr.

Pes girdejili ýurtlar oba hojalygynyň önümçiliginiň gizlin çykdajylaryndan has-da köp ejir çekýärler. Şeýle ýitgiler jemi içerki önümiň dörtden bir bölegini emele getirýär, orta girdejili ýurtlarda 12%-den, ýokary girdejili ýurtlarda 8%-den az. Pes girdejili ýurtlarda ep-esli derejedäki gizlin çykdajylar garyplyk we ýeterlik iýmitlenmezlik bilen baglanyşykly.

FAO hasabaty hökümetleri we hususy pudagy oba hojalygynyň we azyk ulgamynyň gizlin ýa-da “hakyky” çykdajylaryny takyk we doly hasaplamak arkaly has yzygiderli we jikme-jik seljermäge, soňra bolsa bu zyýanlary azaltmak üçin çäre görmäge çagyrýar.

Hökümetler esasan, salgytlar, subsidiýalar, kanunlar we düzgünler ýaly has gowy netijeleri gazanmak üçin dürli gurallary ulanyp bilerler. Takyk çykdajylary hasaba almak, barlag we maglumat dolandyryşynda innowasiýalary, şeýle hem maglumatlary ýygnamak üçin maýa goýumlaryny talap edýär.

-Bu hasabat syýasaty ýöredijilerden we hususy pudaklardan başlap tä barlag geçirijiler we sarp edijilere çenli ähli hyzmatdaşlar üçin çagyryş bolup hyzmat eder diýip umyt edýärin diýip, FAO-nyň baş müdiri Sýuý Dunýuý aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi