Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar

Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilhanasy açylar

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň wekilhanasyny açmak meýilleşdirilýär. Bu babatda 10-njy dekabrda Raşid Meredow bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsunyň arasynda bolan duşuşykda mälim edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, gepleşikleriň gün-tertibiniň aýratyn meselesi hökmünde, Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasynyň açylmagynyň anyk ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagy hem-de sanly ýer kadastry ulgamynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meseleleri dogrusynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.Dowam edýän ýylda Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtalyp, mart aýynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça maslahatyň geçirilendigi bellenildi.

BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan gyzyklanma beýan edildi.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu öz gezeginde Türkmenistanda FAO bilen bilelikde howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy meseleleri boýunça sebit maslahatynyň geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, bu maslahat oba hojalygynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine uýgunlaşmagyny üpjün etmekde wajyp ädim bolar.

Duşuşygyň çäklerinde FAO-nyň Türkmenistan boýunça sebit we tehniki taslamalarynyň amala aşyrylyşynyň häzirki ýagdaýyna seredildi.Bu ugurda suw jandarlary üçin iýmleri öndürmegiň we ýerlemegiň meseleleri hem-de suw jandarlarynyň ýaşaýşyny ýokarlandyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk taslamalaryna, dowarlaryň durnukly dolandyrylyşynyň sanly çözgütlerini işläp taýýarlamaklyga we Türkmenistanda suw serişdeleriniň dolandyrylmagynyň howa şertlerine uýgunlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini artdyrmaklyga degişli resminamalaryň toplumyna gol çekmegiň wajyplygyna üns çekildi diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy
Daşary işler ministri Rimde Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Aşgabatda ekologiýa boýunça halkara maslahat geçirilýär
FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi