Iň köp tüwi sarp edýän ýurtlar

Tüwi dünýäniň ähli halklarynyň aşhanalarynda diýen ýaly ulanylýar.Bu däne köp ýurtda esasy iýmit bolup, sarp edilişiniň derejesi dürli-dürli. “WorldStats”-yň maglumatlaryna esaslanýan täze infografika, Mýanmanyň ýylda adam başyna 278,97 kilogram tüwi sarp etmek bilen dünýäde öňdeligi eýeleýändigini görkezýär.

Ondan soň Komor adalary (274,51 kilogram), Gambiýa (256,4 kilogram), Kamboja (247,54 kilogram) we Bangladeş (246,85 kilogram) gelýär.Wýetnam, Laos, Filippinler, Şri-Lanka we Indoneziýa ilkinji onlugy doldurýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda dünýäde tüwi sarp edilişiniň, takmynan, 522 million tonna bolmagyna garaşylýardy. Bahalaryň ýokarlanandygyna garamazdan, bu önüme bolan isleg durnukly bolup galýar. Çaklamalara görä, 2025/26-njy ýyllarda, esasan hem, Afrika ýurtlarynda tüwüniň sarp edilişiniň has artmagyna garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň Oba hojalyk ministrligi (USDA) dünýäde şaly önümçiliginiň ösjekdigini çaklaýar. Ministrliginiň çaklamalaryna görä, Hindistanda we Günorta-Gündogar Aziýada hasylyň artmagy bilen umumy tüwi önümçiliginiň 541,6 million tonna ýetip biljekdigi çaklanylýar. Global tüwi söwdasy, esasan, Hindistanyň eksportynyň giňelmegi bilen, tas, 60 million tonna çenli artyp biler.

Ýene degişli makalalar

Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti Gambiýada geçiriler
10.05.2017 | Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Baku şäherine geldiler
28.11.2017 | Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy