Farabyň ot alan mekdebiniň okuwçylary wagtlaýynça beýleki mekdeplere gatnar

Farabyň ot alan mekdebiniň okuwçylary wagtlaýynça beýleki mekdeplere gatnar

Farapdaky mekdep binasynda dörän ýangyn öçürilen wagty ýangyn söndürijileriň biri ýaralandy.Azatlyk Radiosynyň habarçysyna Lebap welaýatynyň Farap şäherindäki 1-nji orta mekdebiň binasynda bolan ýangynyň käbir jikme-jikliklerini anyklaşdyrmak başartdy.

Onuň maglumatlaryna görä, ýangynyň netijesinde binanyň köp bölegi weýran boldy. Ýangynyň dörän ýeriniň, ýyladyş üçin bug gazanlarynyň ýerleşýän otagynyň iki gözegçisine garşy geleňsizlik boýunça jenaýat işi gozgaldy. Şeýle-de, ot alan mekdebiň okuwçylarynyň Farap şäherindäki beýleki mekdeplere paýlanýandygy we mugallymlaryň tölegsiz zähmet rugsadyna iberilip bilinjekdigi habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly özbekleriň özbek dilini öwrenmek islegi 'güýçlenýär'
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Iň köp dil bilýän adam
Lebap bazarlary kiçi Berdimuhamedowyň nyrh barlaglaryna taýýarlanýar
Farapdaky mekdep ýangynyndan soň VPN ulanýanlara garşy reýd geçirilýär
Lebabyň Farab şäherindäki mekdebiň binasy ýandy