Iň köp dil bilýän adam

Bir adam näçe dili öwrenip biler? Bir adam näçe dilde geplemegi başarar?

Bu soraglar hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Dünýäniň iň köp dil bilýän adamy Ziad Fazah bolup, ol jemi 59 dilde gepläp bilýär. Geçirilen synaglarda onuň 59 dildäki raýatlar bilen düşünişip we aragatnaşyk saklap biljekdigi ýüze çykaryldy. Bellenilişine görä, Fazahyň häzirki wagtda dünýäniň iň uly ýaşly poliglotydygy (köp dil bilýän) aýdylýar.

Fazah 1954-nji ýylda Liberiýada dogulýar. Liwanda ermeni dilini öwrenenden soň, köp dil öwrenmek kararyna gelýär. Ol 1998-nji ýylda 58 dilde gepläp we okap bilýändigi üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna iň köp dil bilýän adam hökmünde hasaba alynýar. Fazah häzirki wagtda Braziliýada ýaşaýar.

Ýer ýüzünde 7 müňden gowrak dil bolup, olar ene dili, resmi diller, halkara diller ýaly toparlara bölünýär. Taryhy maglumatlara görä, IX asyrda ýaşap geçen Al Farabynyň 70 dili suwara bilendigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň Farab şäherindäki mekdebiň binasy ýandy
Farabyň ot alan mekdebiniň okuwçylary wagtlaýynça beýleki mekdeplere gatnar
Farabyň ot alan mekdebiniň okuwçylary wagtlaýynça beýleki mekdeplere gatnar
Eli ýuka maşgalalar agyr düşýän baýramçylyk ýygymlaryndan gaty nägile bolýar
Lebabyň häkimiýetleri ilaty azyk paýlarynyň berlendigi baradaky kartoçkalara gol çekmäge mejbur edýär
Lebaply sürüjiler benzin satyn almak üçin gaz we tok üçin bergisiniň ýokdugyny subut etmeli