Londonda Moda äleminiň iňlis “Oskary” - her ýyl geçirilýän The Fashion Awards 2021 baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada peopletalk.ru habar berdi.
Adat bolşy ýaly, Royal Albert Hall-da geçirilen çäre diňe bir moda ýyldyzlary däl, eýsem aýdym-sazdan başlap, teatr sahnasyna çenli ähli ugurlar boýunça stil nyşanlary hem gatnaşdylar. Şol gün gyzyl halydan ýöränleriň arasynda Dua Lipa, Prýanka Çopra hem-de adamsy Jo Jonas , Aýris Lowe, Keýt Beýkinsel, Jillian Anderson hem bar.
Agşamyň ýeňijisi we Ýylyň dizaýneri Fendi markasynyň kreatiw müdiri Kim Jons boldy.Tommi Hilfiger bolsa moda pudagynyň ösmegine goşan goşandy üçin sylaglandy.Dabarada Off-White brendini döreden Wirjil Ablonyň hatyrasyna ýörite wideosylagy gowşuryldy.