Türkmenistanyň nebiti we gazy —2022 atly halkara maslahat we sergi öz işini tamamlady

Türkmenistanyň nebiti we gazy —2022 atly halkara maslahat we sergi öz işini tamamlady

Aşgabatda 3 gün dowam eden Türkmenistanyň nebiti we gazy —2022 (OGT—2022) halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady.

Maslahatyň soňky gününde sylaglanyş dabarasy geçirildi. Onda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň üçüsi Energy Excellence Award baýragyna eýe boldy. Olar Dragon Oil, CNPC we Petronas kompaniýalary bolup, bularyň hemmesi şu ýyl Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda möhüm netijeleri gazandylar.

OGT—2022 forumy pudak ýolbaşçylary, bilermenler we alymlar üçin nebit-gaz pudagynyň global howanyň üýtgemegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek we maýa goýum mümkinçiliklerini we logistika ugurlaryny diwersifikasiýa etmegiň zerurlygy bilen baglanyşykly meselelere has täsirli bolmagyna goşant goşmakda amatly meýdança öwrüldi.

Mundan başga-da, maslahat we sergi gyzyklanýan taraplara türkmen hyzmatdaşlary bilen aragatnaşyk gurmak we işewür gatnaşyklar üçin mümkinçilik döretdi.

Türkmennebit döwlet konserni bilen Hazar deňziniň türkmen böleginiň 19-njy blogunda 3D seýsmiki gözlegleri geçirmek baradaky şertnama gol çekilmegi forumyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu şertnamanyň kömegi bilen 19-njy blok boýunça täze geologiki maglumatlar alnar.

Şunuň bilen birlikde-de, jemi 100 million dollarlyk 12 ylalaşyk we şertnama baglaşyldy.

Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrülen OGT—2022 sergisine 500-den gowrak milli we daşary ýurt wekili, şeýle hem 45 ýurtdan 200-den gowrak kompaniýa we 100-e golaý wekiliýet gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady