OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEK) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 (OGT-2023) 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada forumyň guramaçylaryna salgylanyp, Trend habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, bu abraýly halkara forumda OPEK-e Guramanyň nebit barlaglary bölüminiň ýolbaşçysy Behriz Baýkalidze wekilçilik eder.

OPEK-den başga-da Dragon Oil, CNPC, Petronas, William Johnson International Trade and Services FZCO, KAMAZ ýaly kompaniýalar hem Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin 100-den gowrak gurama, edara we kompaniýa bellige alyndy.

Maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup, Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konserni, Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy we Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy Turkmen Forum HJ bilen bilelikde GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda çykyş edýär.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022 (OGT-2022) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň üstünlikli geçirilendigini ýatladýarys. Bu forumyň esasy maksady ýurduň nebit we gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
“Eni Turkmenistan Limited” “OGT 2023” forumynyň bürünç hyzmatdaşy boldy