Schlumberger — Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri

Schlumberger — Türkmenistanyň nebiti we gazy  2023 halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda geçiriljek XXVIII Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Öňki Schlumberger ady bilen tanalýan SLB kompaniýasy bu halkara maslahatyň hem-de serginiň bürünç hemaýatkäri boldy diýip, nCa internet portaly habar berýär.

Bu çäre tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we nebit-gaz pudagynda strategiýalary işläp düzmek üçin amatly meýdança öwrüler diýlip garaşylýar. Sebit we halkara derejede öňdebaryjy hasaplanýan bu iri çäre ýokary derejeli ýolbaşçylary bir ýere jemläp, onda nebit-gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek we halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna ileri tutulýan taslamalar we maýa goýum ugurlary barada iň täze maglumatlar elýeterli bolar. Häzirki wagtda OGT-2023-e gatnaşyjylaryň sanawyna ADNOC, BP, CNPC, Petronas, Dragon Oil, Sumitomo, Shell, Yug-Neftegaz, Tatneft, ENI, Rönesans, SLB ýaly meşhur halkara kompaniýalaryň wekilleri girýär.

Häzirki wagtda foruma gatnaşmak üçin 30 ýurtdan 400-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy we onda 70-den gowrak halkara energetika kompaniýasy öz sergilerini hödürlär diýip, çeşme belleýär.

Öň Dragon Oil kompaniýasynyň Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 (OGT-2023) atly halkara maslahatyň we serginiň göwher hemaýatkäri bolandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
“Baker Hughes” amerikan kompaniýasy OGT-2023 forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär