Fedor Konýuhow düýeli syýahata ugrady

Fedor Konýuhow düýeli syýahata ugrady

Dünýä belli syýahatçy Fedor Konýuhow Birleşen Arap Emirliklerini düýeli kesip geçmekçi. Ol rus-arap syýahatçylaryndan düzülen topar bilen ýola düşdi diýip, News.ru habar berdi.

Ýedi emirligiň üstünden atly syýahat Abu-Dabi, Dubaý, Şarja, Ras-el Haýma, Ajman, Fujeýra we Umm-el-Kaýweýn ýaly ýerleriň üstünden geçer.

Syýahatçy iki hepdäniň dowamynda 560 kilometr menzili düýede geçmeli bolar. Badalga ir säher bilen düýn Abu-Dabi emirliginiň Al-Eýn şäherinde guraldy. Kerwen gündizine günde 30-40 kilometr geçer, olar yzygiderli dynç almak üçin gysga wagtlyk aýak çekerler, gün ýaşanda, düşlärler.

Bu syýahat Pars aýlagyndan Arap ýarymadasyny kesip, Saud Arabystanynyň içi bilen Gyzyl deňze ýetmek ugrundaky has uly syýahata taýýarlykdyr.

Öň rus syýahatçysy Konýuhow kürekli gaýykda Ýuwaş ummanyň günorta bölegini Täze Zelandiýadan Çilä çenli kesip geçmegi başardy. Şonda ol ýeke özi gaýykda 2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda syýahata çykdy we Diýego-Ramires adalarynda 2019-njy ýylyň 9-njy maýynda syýahatyny tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistan Ýakyn Gündogara howa gatnawlaryny çäklendirýär, eýranly türkmenleri serhetden geçirmeýär’
Birleşen Arap Emirlikleri Ormuz bogazynyň täzeden açylmagy üçin harby çäreleri goldaýar
ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär