Felpsiň 13 ýyllyk rekordyny täzeledi

Tokio 2020-de ýüzmek boýunça bäsleşikler ýokary depginde dowam edýär.Erkekleriň arasynda 200 metr kebelekleýin ýüzmekde wengriýaly Kristof Milak altyn medal gazandy. 21 ýaşly ýüzüji 1 minut 51,25 sekuntlyk görkeziji bilen Olimpiýa rekordyny goýup, çempion bolmagy başardy.

Bu ugurda ozalky rekord rowaýaty ýüzüji Maýkl Felpse degişlidi.Amerikaly ýüzüji Pekin 2008-de 1:52,03 minutda pellehana gelipdi. Ýeri gelende aýtsak, Milak bu ugurda dünýä rekordynyň hem eýesi bolup, ol 2019-njy ýylda 1:50,73 minutlyk wagt bilen rekord goýupdy.

Tokio 2020-de 200 metr kebelekleýin bäsleşikde kümüş medaly ýaponiýaly Tomoru Honda, bürünç medaly-da italiýaly Federiko Burdisso eýeledi.

Ýene degişli makalalar

2 sagatda 2 gezek Olimpiýa rekordyny täzeledi
Ýylyň garaşylýan filmleri 1
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
“Milanyň” fransiýaly futbolçylary bar
“Çelsi” fransiýaly ýyldyzy transfer etdi
PSŽ ispaniýaly tälimçini wezipä belledi
Iýulyň birinji hepdesi iň yssy diýlip ykrar edildi