“Milanyň” fransiýaly futbolçylary bar

“Milanyň” fransiýaly futbolçylary bar

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 16-njy tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “Milan” myhmançylykda “Komo” toparyny 3-1 hasabynda ýeňdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 10-njy minutda Kempiň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne garşylyklaýyn hüjümler bilen oýny gurnan “Milan” topary 45-nji minutda fransiýaly hüjümçi Kristofer Nkunkunyň penaltiden geçiren goly esasynda hasaby deňledi. 1-nji ýarymda “Milanyň” fransiýaly derwezeçisi Maýk Menýan erjel oýun görkezip, toparyny birnäçe goldan halas etdi.

Myhmanlar 2-nji ýaryma-da gol bilen başlady. Oýnuň 55-nji minutynda Adrien Rabio “Milany” öňe geçirdi. Ol 88-nji minutda uzak aralykdan topy batly urup, ýene bir gezek tapawutlandy we oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Milan” 2 oýundan soň ýeňiş gazanyp, utugyny 43-e çylardy we 46 utukly “Interiň” aratapawudy hasam açmagyna ygtyýar bermedi.

Şeýle-de, “Bolonýa” topary myhmançylykda iň aşaky orunda barýan “Weronany” 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi (Orban 13, Froýler 72 ö.d. Orsolini 21, Odgor 29, Kastro 44).

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
250-nji “El Klasiko”
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri