Fidan: "Türkiye Eýran urşuny bes etmek üçin diplomatiýany güýçlendirdi" diýdi

Fidan: "Türkiye Eýran urşuny bes etmek üçin diplomatiýany güýçlendirdi" diýdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan şenbe güni beren beýanatynda, Türkiyäniň ABŞ, Ysraýyl we Eýranyň arasyndaky urşy bes etmäge kömek etmek üçin diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirýändigini aýtdy.

Türki Döwletler Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň resmi däl maslahatyndan soň eden çykyşynda Hakan Fidan: "Hormatly Pezeşkiýanyň Hüjüm edilmedikçe hüjüm etmeris. Hüjüm edenimiz üçin ötünç soraýarys diýen sözleri hem biziň nygtaýan sözlerimizdir" diýdi.

Fidan mundan başgada: “Üçünji ýurtlary nyşana alýan hüjümleri berk ýazgarýandygymyzy ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin” diýip beýan etdi.

Fidan şeýle hem Türkiye bilen baglanyşykly howpsuzlyk aladalaryna ünsi çekip, Eýrandan Türkiyäniň territoriýasyna raketa atmak synanyşyklary bilen bagly Tährany duýdurdy. Bu beýanat NATO-nyň Eýrandan Türkiyä tarap uçurylan ballistik raketany ele geçireninden birnäçe gün soň berildi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Stambulda žurnalistlere beren beýanatynda: "Biz aňsatlyk bilen meçew berlen ýurt däl" diýdi.

Fidan: "Biz Eýrandaky dostlarymyz bilen söhbetdeş bolduk we eger bu ýoluny azaşan raketa bolsa, bu başga mesele diýdik. Ýöne, eger bu ýagdaý dowam etse, biziň size maslahatymyz: seresap boluň; Eýranda hiç kimiň şeýle başdan geçirmelere başlamagyna ýol bermäň" diýdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiyäniň Eýranda raýat urşuny başlatmak synanyşyklaryna garşydygyny aýtdy we munuň "taryhy" ýalňyşlyk boljakdygy barada duýduryş berdi.

Fidan: “Biz etniki ýa-da messep bölünişiklerini ulanmak arkaly Eýranda raýat urşuny başlatmagy maksat edinýän ähli ssenariýlere garşy. Bu iň howply ssenariý” diýip, nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Ankara sammitinden öň Şwesiýada geçiriljek NATO gepleşiklerine gatnaşar
Türkiýe Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin uly tagalla edýär
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Milli Goranmak ministrligi Eýrandan atylan ballistik raketanyň urlup düşürilendigini habar berdi
Daşary işler ministri Fidandan Eýrana: "Türk howa giňişliginiň bozulmagy kabul ederliksizdir" diýdi
Hakan Fidan Kataryň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi