FIFA 2030-njy ýyldaky Dünýä Kubogyny 3 yklymda, 6 ýurtda geçirer

FIFA ýene-de 7 ýyldan, has takygy, 2030-njy ýylda guraljak 24-nji Dünýä Kubogynyň haýsy ýurtlarda geçiriljekdigini mälim etdi. Şunlukda, 2030-njy ýyldaky Dünýä Kubogy 3 yklymda, 6 ýurtda geçiriler. Çempionaty esasy guraýjy 3 ýurt bolup, olar Ispaniýa, Portugaliýa hem-de Marokko döwletleridir.

FIFA Dünýä Kubogynyň geçirilip başlanyna 100 ýylyň dolýandygy mynasybetli çempionatyň ilkinji 3 duşuşygy Günorta Amerika döwletlerinde Urugwaýda, Argentinada hem-de Paragwaýda oýnalar.Mälim bolşy ýaly, Dünýä Kubogy ilkinji gezek 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilipdi.

Netijede, 6 ýurduň milli ýygyndy topary saýlama tapgyryna gatnaşmazdan 2030 Dünýä Kubogyna wekilçilik eder.

Ýene degişli makalalar

Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek üç yklymda bilelikde geçiriler
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidenti wezipesine girişdi
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Ikinji tapgyry geçiriler