Finala çykan ilkinji afrikaly

Ispaniýanyň paýtagtynda dowam edýän Madrid Açyk tennis ýaryşynda zenanlaryň arasyndaky finalda tunisli Uns Jabir bilen amerikaly Jessika Pegula duşuşar. 27 ýaşyndaky Uns Jabir ýarym finalda russiýaly Ýekaterina Aleksandrowadan 6:2, 6:3 hasaplar bilen üstün çykmagy başardy. Şeýlelikde, Jabir WTA 1000 ýa-da Masters ýaryşlarynda finala çykan ilkinji afrikaly, ilkinji arap tennisçi hökmünde hasaba alyndy.

Onuň finalda garşydaşy Pegula ýarym finalda şweýsariýaly Žil Taýhmany 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.Final duşuşygy ertir, ýagny 7-nji maýda oýnalar (21:30).

Ýene degişli makalalar

WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Şwentek möwsümi jemledi
Berlindäki tennis ýaryşynda rus derbisi geçirildi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY