Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy

Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy

ABŞ-nyň Fort-Uert şäherindäki Dikis Arena stadionynda WTA-nyň Jemleýji turniriniň final duşuşygy geçirildi. Onda 29 ýaşly fransiýaly tennisçi Karolin Garsiýa bilen (dünýäniň altynjy raketkasy) 24 ýaşly belarusly Arina Sobolenko (dünýäniň ýedinji raketkasy) güýç synanyşdy.

1 sagat 40 minut dowam eden aýgytlaýjy gapma-garşylyk 7:6 (7:4), 6:4 hasabynda Garsiýanyň peýdasyna tamamlandy.

Ýeri gelende bellesek, Arina Sobolenko bu ýaryşdaky üstünlikli ýörişi arkaly dünýäniň ilkinji üçlügindäki ähli tennisçini bir turnirde ýeňlişe sezewar eden taryhdaky dördünji oýunçy boldy.Ol WTA-nyň Jemleýji turniriniň dowamynda polşaly Iga Swýontekden (dünýäniň birinji raketkasy), tunisli Ons Jaberden (dünýäniň ikinji raketkasy) we italiýaly Jessika Peguladan (dünýäniň üçünji raketkasy) üstün çykmagy başardy.

Häzire çenli şeýle netijäni Şteffi Graf, Serena we Winus Uilýamslar ýaly rowaýaty tennisçiler görkezipdiler.

Ýene degişli makalalar

Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
Russiýada Gabriel Garsiýa Markesiň soňky romany neşir edildi
“Barselonanyň” taryhynda ilkinji gezek
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ministr Fatih Dönmez meksikaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
“Barselona” gollandiýaly ýyldyzy tölegsiz transfer etdi