“Barselona” öňki oýunçysyny, “Real Madrid” ýyldyz futbolçyny transfer etdi

/* custom css */ .td_uid_19_60b6cc2fe2f18_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b6cc2fe2f18_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 “Barselona” topary “Mançester Sitiden” ýene bir oýunçyny düzümine goşdy.

Katalonlar ozalky goragçysy Erik Garsiýany tölegsiz transfer etdi.Katalonlar 20 ýaşyndaky merkezi goragçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Barselonada” futbola başlan Garsiýa 2018-nji ýylda “Mançester Sitä” transfer bolupdy. “Sitiniň” düzüminde 19 duşuşyk geçiren Garsiýa Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda-da çykyş eder. “La Liganyň” wise-çempiony “Real Madrid” topary “Bawariýa” bilen şertnamasy tamamlanan awstriýaly goragçy Dawid Alabany transfer etdi.

Madridliler 28 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişdiler. “Bawariýada” 13 ýyl çykyş eden Alabama münhenliler bilen 20 kubok gazandy.Ol nemes toparynyň düzüminde 427 oýunda 33 gol geçirip, 53 goluň pasyny berdi.

Alabanyň “Real Madridden” ýyllyk 10-12 million ýewro hak aljakdygy barada habarlarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Mbappe Ronaldonyň rekordyny gaýtalady
“Barselona” soňky minutlarda, “Real” aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy
“Barselonanyň” 16-njy Super Kubogy
“Albasete” taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňip, Şa Kubogyndan çykardy
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
"Men ynanman!" Dünýä liderlerinden kimler COVID-19 bardygyny gahar-gazaply ret edýär?