Finalda “El Klasiko” däl, “Madrid” derbisi

Ispaniýanyň Super kubogy ýaryşynyň finalynda paýtagt Madridiň “Real” bilen “Atletiko” toparlary duşuşar.Olaryň birinjisi ýarym finalda “Walensiýany” 31 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Paýtagtlylara ýeňiş getiren gollary 15-nji minutda Toni Kroos, 39-njy minutda Isko hem-de 65-nji minutda Luka Modriç derwezä girizdi. “Walensiýanyň” ýeke-täk pökgüsini bolsa, 90+2-nji minutda penaltiden Daniel Pareho geçirdi.

“Atletiko” topary ýarym finalda çempion “Barselonany” 32 hasabynda ýeňmegi başardy. 46-njy minutda “atletikoly” Koke hasaby açdy. 51-nji minutda Messi hasaby deňlese, 62-nji minutda Antuan Grizmann öňki toparyny gynandyryp, “Barselonany” öňe saýlady. 81-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Alwaro Morata hasaby deňledi. Şol goldan 5 minut soň, Anhel Korrea “Atletiko” ýeňiş getiren goly derwezä girizdi.

Şunlukda, adatça çempion bilen kubogyň eýesiniň arasynda oýnalýan Super Kubogy duşuşygynda bu gezek olaryň ikisi hem bolmaz.Köpler finalda “El Klasiko” duşuşygyna garaşan hem bolsa, bu beýle bolmady.

Täze düzgün esasynda geçirilýän Ispaniýanyň Super Kubogyna Madrid şäheriniň haýsy hem bolsa bir topary mynasyp bolar. “Real” bilen “Atletikonyň” arasyndaky “Madrid” derbisi ertir Saud Arabystanynyň Jidde şäherindäki “King Abdullah Sports City” stadionynda oýnalar.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

Futbol taryhynyň iň gymmat transferi
PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” säwliksiz barýar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Sport täzelikleri
UEFA ýylyň topary