“Fiorentina” ozalky tälimçisini wezipä belledi

“Fiorentina” ozalky tälimçisini wezipä belledi

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 8 utuk bilen 12-nji hatarda barýan “Fiorentina” toparynyň tälimçisi çalşyldy.Toparyň ýolbaşçylary Juseppe Ýaçinini wezipesinden boşadyp, ornuna topara ozalam tälim beren Sezare Prandellini bellediler. 63 ýaşyndaky tälimçi 2005-2010-njy ýyllar aralygynda “Fiorentina” tälim beripdi.

Möwsümiň soňuna çenli wezipä bellenen Prandelli karýerasy boýunça “Leççe”, “Werona”, “Parma”, “Roma”, “Galatasaraý”, “Walensiýa”, “Al-Nasr” hem-de “Jenoa” toparlaryna hem-de Italiýanyň ýygyndysyna tälim beripdi.Ol Italiýanyň ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda 2-nji ýeri eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

“Serie A-nyň” täze möwsümi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”
Atalanta A seriýada asyryň rekordyny täzeledi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi