Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi

Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi

Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň öňki aýaly ýazyjy Makkenzi Skott Forbes žurnaly boýunça dünýäniň iň abraýly 100 zenanynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada neşiriň web sahypasyna salgylanyp, novayagazeta.ru habar berýär.

Makkenzi Skott birinji orna haýyr-sahawat ugrunda alyp barýan işleri üçin mynasyp boldy.Ikinji ýeri ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, üçünji orny Halkara Walýuta Gaznasynyň müdiri Kristin Lagard eýeledi. Şeýle-de, ilkinji bäşlige General Motors-yň baş direktory Meri Barra we telekeçi hem-de Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň öňki aýaly Melinda Geýts hem girdi.

Neşiriň bellemegine görä, Germaniýanyň Federal kansleri Angela Merkel 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sanawda birinji orna düşmedi.Ondan öň Merkel yzly-yzyna 10 ýyl sanawda birinji ýeri eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp öz administrasiýasyny döredýär
Bloomberg 2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawyny hödürledi
“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary
Awstraliýa Uly Barýer merjen gaýalaryny goramaga 700 million dollar bölüp bermekçi
Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar
Dünýä Ýurtlary Russiýa Sanksiýalaryny Giňeldýär