“Forsaž 9” filmi Hytaýda birinji gününde 59,3 million dollar gazandy

“Forsaž 9” filmi Hytaýda birinji gününde 59,3 million dollar gazandy

“Forsaž 9” filminiň Hytaýyň prokatlaryndaky ilkinji gününiň deslapky netijeleri haýran galdyrdy. Blokbaster bir günde 381.08 million ýuan ýa-da 59,27 million dollar gazandy. Bu barada kinobusiness.com habar berdi.

Alnan girdeji taryhda sekizinji we Golliwudyň filmleriniň arasynda dördünji görkeziji boldy. Hytaýda mundan gowy görkeziji bilen diňe "Forsaž" franşizasynyň ozalky iki bölümi we “Ar alyjylar: Final” kinokomiksi tapawutlanmagy başardy. "Forsažyň" sekizinji bölüminiň (479,8 million ýuan) ýitgisi juda uly bolupdy. Dokuzynjy bölüminiň başlaýşy bolsa kassa ýygymy boýunça 20%, satylan biletler boýunça-da 30% gowşak boldy.

Häzirki wagtda bu uruşganly film iň uly onlaýn bilet portaly bolan "Maoýanda" 10-dan 8.1, "Douban" sosial ulgamynda bolsa 10-dan 5.7 reýting gazandy. Bu bolsa başlangyç üçin juda bir gowy görkeziji däl diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy
AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Hytaýyň çagalar edebiýaty