Forum-18: Owadandepe’ türmesinde ýene bir musulman wyždan ýesiri aradan çykdy

Forum-18: Owadandepe’ türmesinde ýene bir musulman wyždan ýesiri aradan çykdy

Ýitirim edilen türkmenabatly ýene bir musulman wyždan ýesiri şu ýylyň tomus paslynda Türkmenistanyň “Owadandepe” türmesinde aradan çykdy diýip, “Forum-18” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 27-nji sentýabrda çap eden maglumatynda, Aziz Gafurowyň jesedi dogan-garyndaşlaryna tabşyrylanda, onuň “urlup-ýenjilmekden göm-gök” we “horlukdan diňe süňk bilen ham” bolup galandygy aýdylýar.

“Türkmenabatdaky musulmanlaryň uly toparynyň üçünji agzasy Gafurowa öz ynanjyny maslahat etmek üçin başgalar bilen duşuşany sebäpli, uzak möhletleýin türme tussaglygy berlipdi. Ýaşy 30-dan geçen Gafurowyň jesedi 24-nji iýunda Türkmenabadyň golaýyndaky obada ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna gowşuryldy diýip, waka şaýat bolanlaryň biri Türkmenistandan alternatiw habarlar’ neşirine gürrüň berdi” diýlip, “Forum-18” habar gullugynyň maglumatynda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, Gafurow 2013-nji ýylda tussag edilen we musulman derňew toparyna gatnaşygy bolmakda aýyplanan onlarça musulmanyň biri. Şeýle-de, şol tussag edilenleriň aglabasynyň ýa-da ählisiniň Owadandepe türmesinde saklanylýandygyna ynanylýar we daşarky dünýäden hiç kim olaryň häzirki wagtda nähili ýagdaýdadygyny anyklap bilmeýär.

“Forum-18” neşiri Gafurowyň keselçilikden, açlykdan, geleňsizlikden ýa-da gynamalardan ýogalandygyny anyklamagyň özlerine başartmandygyny, şeýle-de 27-nji sentýabrda “Owadandepe” türmesi bilen habarlaşmak boýunça eden synanyşyklarynyň başa barmandygyny belleýär.

“Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabatdaky Jenaýat jogapkärçiligi departamentiniň adyny bermekden saklanan bir resmisi 27-nji sentýabrda “Forum 18” neşirine beren maglumatynda başlangyçda Gafurowyň adaty görnüşde’ aradan çykandygyny öňe sürdi. Soňra bolsa, ol bu barada öz departamentinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny nygtady. Bu departamentiň başga bir resmisi Gafurowyň Owadandepe’ türmesindäki ölümi barada soralanda, telefony dessine öçürdi” diýip, neşir belleýär.

Forum-18 habar gullugynyň we “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň şu ýylyň başynda beren maglumatlaryna görä, onlarça türkmen raýaty dini ekstremizm aýyplamalary we hamala 'konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmäge çagyrandyklary üçin' uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu tussaglaryň köpüsiniň “Owadandepe” türmesinde saklanylýandygy çaklanylýar, olaryň käbirniň gynamalar we agyr türme şertleri zerarly ölendigi aýdylýar, emma resmi Aşgabat bu hili maglumatlary ne ret edýär, ne-de tassyklaýar.

“Forum-18” habarlar gullugy Türkmenistanyň delegasiýasynyň geçen ýylyň noýabr aýynyň aýagynda Birleşen Milletler Guramasynyň adam gynamalaryna garşy komitetinde beren hasabatynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan gynalandygy aýdylýan wyždan ýesirleri, bikanun ýanalýan musulmanlar, Ýehowa şaýatlary baradaky soraglara jogap bermändiklerini ýatladýar.

BMG-nyň Adam gynamalara garşy komiteti özüniň geçen ýylyň 7-nji dekabrynda ýaýradan jemleýji hasabatynda, Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyryp, resmi Aşgabady türmelerde gynamalary, şol sanda seksual zorluklary we urup-ýençmeleri yzygiderli amala aşyrmakda we syýasy tussaglary ýitirim etmekde aýyplady.

Şeýle-de, komitet ýurtda tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi barada yzygiderli maglumatlaryň gelip gowuşýandygyna garamazdan, şeýle wakalar bilen baglanyşykly hiç kimiň sud edilmändigine hem ünsi çekipdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Türkmenistany din azatlygy boýunça 'aýratyn aladalanma döredýän' ýurtlaryň hatarynda agzady
Halkara standart hyzmatlary HK ISO 9001:2015 standarty boýunça okuwlara çagyrýar
Teatra örkli ömür
AI: Türkmenistan türmede daşarky dünýäden üzňe saklamak meselesini çözmedi
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Söhbediň aýdymy bilen adygan