Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumy açyldy

Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumy açyldy

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde penşenbe güni “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumy öz işine başlady.

3031 oktýabr aralygynda geçirilýän iki günlük çäre iki ýurduň işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi.

Forumyň çäginde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze ulag-logistika ugurlaryny kemala getirmek we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maksatnamada “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş, sanly özgertmeler hem-de elektron hökümet ulgamyny ösdürmek aýratyn orun eýeleýär. Forumda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem bar.

Çäre 50-den gowrak iri german kompaniýalarynyň we maliýe-senagat birleşikleriniň we 51 sany türkmen kompaniýalarynyň hem-de strategik ähmiýetli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Germaniýanyň wekilleriniň hatarynda iri senagat kärhanalary we banklar bar, şol sanda çäräniň dowamynda Deutsche Bank AG, Commerzbank AG, BOMAG GmbH, CLAAS GmbH, John Deere International GmbH, BASF-Intertrade ýaly iri kompaniýalaryň wekilleri çykyş ederler.

Mundan başga-da, esasy pudaklaýyn birleşikler German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti, German obasenagat bileleşigi, German Söwda we Maýa goýum agentligi (GTAI) hem-de Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentligi bu foruma gatnaşarlar.

Döwlet ähmiýetli halkara çäreiniň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, hyzmatdaş guramaçy hökmünde bolsa TMT Consulting Group kompaniýasy çykyş edýärler.

Ýene degişli makalalar

Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
Türkmenistanyň Germaniýanyň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy $700 milliona deň boldy
Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Deutsche Bank AG bankynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýada ikitaraplaýyn gepleşik geçirýär
Türkmenistanda himiýa önümçiligi boýunça maýa goýum taslamalary taýýarlanylýar
Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe ylalaşyga gol çekdiler