Türkmenistanda kaustik we kalsinirlenen soda, hlor, duz kislotasy, natriý sulfaty, sement we ýerli tebigy-mineral baýlyklaryň esasynda dürli himýa önümlerini öndürmek boýunça maýa goýum taslamalary taýýarlanylýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew penşenbe güni Frankfurtda geçirilen “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Atagulyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan jemi 155 taslamanyň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda dökünleriň, tehniki uglerodyň, etil spirtiň, kalsinirlenen we kaustik sodanyň hem-de beýleki möhüm senagat önümleriniň öndürilişini ýola goýmak bar.
Şeýle hem ýurtda häzirki zaman elektronika pudagynyň mümkinçilikleri giňeldilýär. Hususan-da, häzirki wagtda telewizorlaryň, elektron töleg terminallarynyň, kompýuterleriň, noutbuklaryň we beýleki enjamlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Nökerguly Atagulyýewiň aýtmagyna görä, 29 müňden gowrak agzany birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw hususy pudagyň işjeňliginiň artmagyna, döwrebap kärhanalaryň açylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri berýär. Häzirki wagtda telekeçilik ulgamynda döredilen iş orunlarynyň sany 500 münden geçdi.
Wise-premýer çykyşynyň ahyrynda nemes kompaniýalaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga hem-de içeri we daşary ýurtlarda geçirilýän ykdysady sergilere hem-de işewürlik çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
"Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri" atly forum 3031-nji oktýabr aralygynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilýär. Döwlet ähmiýetli halkara çäreiniň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, hyzmatdaş guramaçy hökmünde bolsa TMT Consulting Group kompaniýasy çykyş edýärler. Kompaniýa forumyň guramaçylyk hem-de aragatnaşyk ugrunyň ýokary derejede üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.