Türkmen wekiliýeti Germaniýada BASF, "Wirtgen Group" kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen tanyşdy

Türkmen wekiliýeti Germaniýada BASF, "Wirtgen Group" kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen tanyşdy

2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Frankfurtda gurnalan Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde BASF kompaniýasynyň baş edarasyna we önümçilik desgalaryna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik sapary gurnaldy.

Bu kompaniýa diňe bir Ýewropada däl, eýsem dünýäde iň uly himiýa kompaniýalaryň biri bolup, türkmen wekiliýeti bilen himiýa senagatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara tejribe alyşmak işewürlik saparynyň esasy maksady boldy.

Önümçilik desgalary, degirmen we ýoly dikeltmek tehnologiýalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan “Wirtgen Group” kompaniýasyna hem türkmen wekiliýetiniň sapary gurnaldy. Bu sapar hem dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmeginde, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetli boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy

Ýene degişli makalalar

Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri üstünlikli geçirildi
Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumy açyldy
Türkmenistanda himiýa önümçiligi boýunça maýa goýum taslamalary taýýarlanylýar
Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe ylalaşyga gol çekdiler
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi
Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygy tarapyndan ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi