Fransiýa, Gaza Dikuçar Gämisini Ugratdy

Fransiýa, Gaza Dikuçar Gämisini Ugratdy

Fransiýa, Ysraýylyň hüjümlerinde ýaralananlaryň bejergisi üçin ulanyljak täze dikuçar gämisini Gaza ugratdy.

Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastýen Lekornýu, sosial mediadan beren habarnamasynda, dikuçar gämisinde 40 adamyň şol bir wagtda bejergi alyp biljekdigini, dikuçar gämisiniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen gurşalandygyny aýtdy.

Dixmude atly dikuçar gämisiniň birnäçe günüň içinde Müsüre barmagyna garaşylýar.

Fransiýa geçen aý hem Gaza üçin Tonnerre atly dikuçar gämisini ugradypdy.

Ysraýyl, Gazada hassahanalary we asuda ilaty nyşana almak bilen saglygy goraýyş pudagyna uly zeper ýetirýär. Fransiýanyň ugradan gämileriň ýeterlik ýangyç mümkinçiligine eýe bolmandygy üçin oppozisiýa tarapyndan berk tankyt edilýär.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy Demir Gylyçlar operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan ybarat 13 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ýakyn Gündogarda Saparda Bolar
“Refah Şäherine Gury Ýer Hüjümini Gurap Bileris”
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanyna Bardy
Gazada ýene-de bir metbugat işgäri öldürildi
Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky soňky hüjüminde asuda ilatdan azyndan 30 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň hüjümlerinde soňky 24 sagatda ýene-de 187 palestinaly ýogaldy
Gazada Ýogalan Palestinalylaryň Sany 21 Müň 978 Adama Ýetdi