Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň harby güýçleriniň Jibaliýe bosgun düşelgesine guran hüjüminde köp sanda palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby uçarlary we tanklary Gazanyň merkezindäki Al-Bureýj düşelgesine hüjüm gurady.

Ysraýyl Gaza sektorynyň Refah şäherine garşy hüjümlerini hem dowam etdirýär.

Gazada hiç bir halkara hukugy ykrar etmeýän, adamzada garşy jenaýat edýän Ysraýylyň goşuny Han Ýunus şäherinde ýerleşýän Emel hassahanasynyň töweregine artilleriýa degişli toplary bilen hüjüm gurady.

Ysraýylly esgerler bilen Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam toparynyň arasynda Han Ýunus şäherinde güýçli çaknyşyklar başdan geçirilýär.

Ysraýylyň goşuny takmynan 3 aý bäri dowam etdirýän hüjümlerinde Gaza sektoryna 65 müň tonna partlaýjy atandygy mälim edildi.

Gazadaky hökümet Ysraýylyň halkara derejede gadagan edilen 9 bomba we raketa görnüşini ulanandygynyň tassyklanandygyny habar berdi.

Gaza sektoryndaky ynsanperwer ýagdaý bolsa günsaýyn erbetleşýär.

ÝUNISEF Gazada ynsanperwer apatyň başdan geçirilip bilinjekdigi barada duýduryş berdi. ÝUNISEF Gazada wagtyň azalýandygyny we köp sanda çaganyň ýiti iýmit ýetmezçiligine duçar bolýandygyny aýan etdi.

Hamasyň “Kassam” atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

Ysraýylyň Gaza garşy 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 22 müň 300 adamdan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar
Gazada Ynsanperwer Kömekleri Halka Paýlanyp Bilinmeýär
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar