Fransiýa "Google"-a 270 million dollar möçberinde jerime saldy

Fransiýa "Google"-a 270 million dollar möçberinde jerime saldy

Fransiýanyň monopoliýa garşy göreş boýunça agentligi onlaýn mahabat işinde özüniň agalyk ediji ýagdaýyndan görlüp-eşidilmedik derejede hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin "Google"-a 220 million ýewro (268 million dollar) möçberinde jerime salmak kararyna geldi. Bu barada agentligiň beýanatyna salgylanyp, "ABC" News habar berdi.

Öz bäsdeşlerini jezalandyrýandygy üçin "Google"-yň ulanýan usullary aýratyn çynlakaý bolup durýar diýip, monopoliýa garşy göreşýän edara öz beýanatynda belledi.

Beýanatda Kaliforniýanyň Mauntin-Wýu şäherinde ýerleşýän "Google"-yň faktlary inkär etmändigini we kazyýet işini çözmek kararyna gelendigi aýdylýar. Edaranyň başlygy Isabel de Silwa munuň öň görlüp-eşidilmedik karardygyny aýtdy diýip, çeşmede beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
Pakistanda Ýokary kazyýetiň agzalygyna ilkinji gezek zenan saýlandy
PSŽ Mbappe 2024-nji ýyla çenli şertnama hödürleýär
Pfizer kompaniýasynyň ýolbaşçysy adaty durmuşa dolanmak üçin şertleri mälim etdi
Daşary ýurt kompaniýalary türkmen telekeçilerine karz serişdelerini bermäge taýýar
Daşary ýurt metbugatyna syn