Fransiýa sapar eder

Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III Fransiýa ilkinji sapary sentýabr aýynda bolar. Bu barada “France Info” radiostansiýasy Ýeliseý köşgüne salgylanyp habar berdi. Şol bir wagtyň özünde Respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň diwanynyň wekilleri belli bir senäni aýtmadylar. Maglumatlara görä, saparyň senesi awgust aýynyň ahyryna çenli mälim ediler.

Mart aýynyň ahyrynda, Ýeliseý köşgi Iňlis monarhynyň 26-njy martdan 29-njy mart aralygynda Fransiýa boljak saparynyň yza süýşürilendigini habar beripdi. Bu karar Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Karl III arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň yglan edildi.

Fransuz tarapy Koroly kabul etmek üçin giňişleýin maksatnama taýýarlady.Saparyň ilkinji gününde fransuz korollarynyň taryhy rezidensiýasy – Wersal köşgünde Karl III hormatyna agşamlyk nahary berler.Maglumatlara görä, britan Koroly Karl III Ýeliseýdäki Triumfal arkasyndaky baky otda hatyralama dabarasyna gatnaşar, şeýle hem Orse muzeýine baryp görer.

Mundan başga-da, Karl III Bordo şäherine sapar edenden soň, hoşlaşyk zyýapaty meýilleşdirildi.Meýilnama laýyklykda, Karl III britan tagtyna geçenden soň ilkinji sapar etmeli ýurdy hökmünde Fransiýany saýlapdy.

Bu saparyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly monarh geçen mart aýynda Germaniýa ilkinji resmi saparyny amala aşyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak teklip edildi
Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Öñki “ygtybarsyz hyzmatdaş”. Russiýa Türkmenistany gaz oýunlaryna iterýär, bu Aşgabat üçin amatlymy?
Türkmenistanly ýaş türgenler Aziýanyň çagalary atly II halkara gyşky sport oýunlaryna gatnaşarlar
Täç geýdiriliş dabarasy guralar