Fransiýada Monblan Marafony badalga aldy

Fransiýada Monblan Marafony badalga aldy

Şamoni şäheriniň eňňitlerinde Golden Trail dünýä seriýasynyň ýeke-täk fransuz tapgyry bolan Monblan Marafony badalga aldy.

Euronews-iň habar bermegine görä, kyn sanitar ýagdaýy sebäpli, şu ýyl 38 km çenli gysgaldylan ylgaw ýaryşyna tas 1300 türgen gatnaşdy. Ýoluň üýtgäp durýan belentli-pesli bölegi gipertehniki hasaplanýar we çydamlylygy talap edýär.

Bu marafonyň özboluşly aýratynlygy 2000 m belentlikde pellehana çykmakdyr.Ol ýerden Monblan dagyna görnüş açylýar.Bu ylgaw ýaryşynda erkekleriň arasynda norwegiýaly Stian Angermund gowy netije görkezdi. Ýagny, ol 3 sagat 18 minut we 8 sekunt netije bilen italiýaly Dawid Manýiniden 2 minut we polýak Bartlomeý Pşedwoýewskiýden 5 minut 15 sekunt öňe saýlandy.

Aýallaryň arasynda şweýsariýaly Mod Matis ýaryşyň öňdebaryjysy boldy.Ol bu aralygy 3 sagat 51 minut we 4 sekuntda geçip, gyzy Anais Sabriden 9 minut öňe geçdi. Üçünji Blandin L’Irondel boldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Oskar Baýrakly Susan Sarandon Palestina Goldaw Berdi
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Aşgabatda arz edilýän blankalar ilata paýlanyp başlandy, uzyn nobatlar döredi
Nusgawy multfilmler hakynda gyzykly maglumatlar
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi